Döwletjan Ýagşymyradow ata watanyna dolanýar

Ýarym agyr agramda çykyş edýän türkmenistanly MMA türgeni Döwletjan Ýagşymyradow PFL 2 turnirinde sloweniýaly Jeýkob Nedonyň üstünden gazanylan ýeňişden soňra ata watanyna dolanýar.

Döwletjan Ýagşymyradow — Nedo söweşi 13-nji aprelde Las-Wegas (ABŞ) şäherinde geçirildi. Tutluşykda türkmen türgeni eýýäm deslapky raundda tehniki nokaut arkaly ynamly ýeňiş gazandy.

Döwletjan Ýagşymyradow «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň uçary bilen Türkmenistana geler. Türkmenistanyň sport abraýyny mynasyp goraýan Döwletjan Ýagşymyradowyň Aşgabadyň Halkara howa menzilinde hormat bilen garşylanmagyna garaşylýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, Döwletjan 1989-njy ýylda eneden doguldy. 6 ýaşynda heniz mekdepde okaýarka karate bilen meşgullanyp ugrady. Eýýäm 11 ýaşynda öz ýaşytdaşlarynyň arasynda karate boýunça ýurduň çempiony boldy. 17 ýaşynda Döwletjan Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň hataryna çagyryldy we uly seržantyň derejesinde gullugyny tamamlady. Ýagşymyradow professional sport bilen 2012-nji ýylda Harkowda meşgullanyp başlady. Erkin göreş we greppling boýunça Harkow oblastynyň çempiony bolansoň, 2012-nji ýylyň martynda Döwletjan Oplot Challenge 1 turniriniň çäginde Rudolf Kriz bilen bäsleşýär. Ilkinji professional söweş deňme-deň tamamlanýar.

Maksat ANNAMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok