Gadymy Änew şäheriniň baý taryhy bolup, ol tutuş sebitde ilkinji oturymly ekerançylyk ojagynyň — Jeýtun medeniýetiniň mirasdüşeridir. Dünýä taryhynda Änew medeniýetiniň ady ak bugdaýyň ilkinji ýetişdirilen mekany hökmünde şöhratlanýar. Bu ýerde 120 ýyl ozal amerikaly geolog Rafael Pampelliniň hem-de nemes arheology Gubert Şmitiň ýolbaşçylygynda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, altyn başly ak bugdaýyň iň gadymy nusgalarynyň galyndylary ýüze çykaryldy.
Änew şäheri öz taryhyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Dünýäde ekerançylyk pudagynyň gadymy ojaklarynyň biri hökmünde tanalýan bu şäherde geçiriljek çäreler, ylmy-barlag işleri türkmen halkynyň şöhratly taryhyny has hem dünýä ýaýmaga mümkinçilik berer. Türkmen alymlarynyň we daşary ýurtdan geljek alymlaryň bilelikde alyp barjak işleriniň ýokary derejede geçirilmegi üçin degişli işler alynyp barylýar.
2024-nji ýylda Gadymy Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi türki halklaryň medeni mümkinçiliklerini açyp görkezmäge we olaryň mirasy bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.
Ýeri gelende belläp geçsek, Änew medeniýetiniň çägi irki eneolit döwründen giçki orta asyrlara çenli öz ýaşaýşyny dowam etdiripdir. Bu medeniýet dürli döwürlerde birnäçe alymlar tarapyndan öwrenilipdir. Edebiýatlarda berlişine görä, «Änew» sözüniň özi XIX asyryň ahyrlarynda «Annaw», «Anow» diýlip, XX asyryň başlarynda «Ab-now», ýagny «täze suw» diýen düşünjeler esasynda atlandyrylypdyr.
Eziz Watanymyzyň abraý-mertebesini belende galdyrýan, milli mirasymyzy, milli medeniýetimizi gözüň göreji deý goramaga, ony döwrebap dikeltmäge we bütin dünýäde wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdýarys.
Gülälek AŞYROWA,
Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň
13-nji orta mekdebiniň başlangyç
synp mugallymy.
Teswirler