Her bir sport maksatly binalarda bolup geçýän ösüşleri duýmak, geçirilýän ýaryşlara gatnaşmak bizi buýsandyrýar. Halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlar Türkmenistan diýarymyzy bu günki gün sport bilen baglanşykly döredilen mmükinçilkleriň esasynda dünýä tanadýar.
Sport dünýäsinde ýaşaýan türgenleriň häzirki ýurdumyzda bolup geçýän ýaryşlara taýýarlykly gelmegi bizi “Galkan” toparynyň ýaş ýigitleriniň, türgenleriniň ýeňiş bilen başlamagynda buýsançly wakalara badalga bermegi has-da galkyndyrýar. Galkan toparynyň ilkinji ýeňişleri gazanmagy , dünýä sportynda , häzirki pursatda geçip duran hokkeý oýunlarynyň dünýä ýaryşynda has-da dolulygyna ýüze çykaryldy. Bahreýniň agzybir topary bilen birlikde oýnan oýunlarynda bolsa, bu topar dünýä ýaryşynyda ilkinji bolup öňe çykan , ýaryşa täze bir öwüşgün beren, jemgyýetimiziň sport we syýasy dostluk babatynda geçirilýän ýaryşynda üstünlikli orunlara eýe boldy. Munuň özi bizi buýsandyrýar. Sagdyn bedenli bolmak sagdyn ruhly bolmagyň ilkinji basgançaklary. Özüne erk edip bilýän islendik adam döwrüň talaplarynda ýaşap, öz durmuşyny gözel edip biler. Adamzadyň esasy borjy hem öz durmuşyny, öz ýaşaýan jemgyýetiniň durmuşyny sagdyn etmekden ybaratdyr.
Adam jemgyýetiň öňünde öz hukuklaryny we borçlaryny bilmekden ötri sagdyn bolmak üçin öz wagtyny nämelere sarp etmeli? Meseläni kesgitli goýmak üçin belli bir derejede öz günüň tertibini düzmek bu meseleleriň esasyny düzýär.
Gahryman Arkadgymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde häzirki döwürde dünýäniň sesine sesini goşýan Türkmenistan ýer şary boýunça neşe maddalaryna garşy göreşde ilkinjileriň hataryndadyr. Beýik ädimli işler garaşýan şu günki günüň işewir adamlarynyňň hiç biri hem bu meselede çetde durmaly däldirler. Şol sanda Türkmen raýatlary hem durmuşda gabat gelýän zyýanly endiklere eýerýän raýatlaryň edýän işleriniň ýalňyşdygyny düşündirmek üçin ellerinden baryny edip, ählitaraplaýyn göreşmäge taýýar bolmalydyrlar.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilýän çäreler bütündünýä adamzat meseleleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýän alada –ýagny neşe maddalaryna bolan göreşiň gyzgalaňly gitmegine goşant goşmak ýaly wajyp meseleleriň biridigini bu gün subut etdi. Her bir halkyň öz meseleleri öz milletiniň içki gurnawyna täsirini ýetirýär. Asly paýhasly hem-de dymma türkmeniň ruhy arassalygyny, jemgyýetdäki ornunyň belentdigini saýhallaýan beýik işleriň biri neşä bolan ýigrenjidir.
Sagdyn jemgyýetiň sport türgenlerine diňe gelejekde-de üstünlik arzuw edäýmek galýar.
Teswirler