Aýdym kalplara ganat açdy

Aşgabatda geçirlýän hokkeý ugry boýunça ýaryşa bu günki gün badalga berilmegi esasynda günüň netijesinde birnäçe topralar üstünlikli çykyş edip, ýaryşda ýeňiji bolmak üçin ellerinde baryny edýärler we ýaryş gyzgalaňly dowam edýär.

Sportyň hokkeý ugry boýunça ýurdumyzda geçirilýän ýaryşda üstünlikli hokkeý oýunlarynyň ýaryşyna gatnaşmak her bir türgeniň arzuwy bolsa gerek. Çünki Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryşda üstünlikli çykyş edip, dünýä hokkeý sportynda rekordy täzelemek her bir toparda bolşy ýaly, her bir türgeniň hem şahsy arzuwy bolsa gerek. hem-de ol ýerde üstünlikli çykyş etmek üçin taýýarlanýan sport türgenlerimiziň uly netijeleri gazanjakdyklaryna häzirden buýsanç bilen garaşmak biziň diýarymyzyň dünýä boýunça abraýly sport türgenlerini ýetişdirendiginiň ullakan subutnamasy bolar.

Açylyş dabarasynda ýerine ýetirilen “Gahryman Arkadgym, Arkadagly Gahryman Serdarym” atly aýdym bolsa, biziň türgenlerimiziň buýsançly başyny göge ýetirdi.

Ol aýdymy bilelikde buýsanç bilen ýerine ýetirmek elbetde her bir türgeniň gursagynd agaýnaýan watan duýgusyny has-da alys menzillere göterip, dünýäniň çar künjünden gelen sport türgenlerinden üstünlikli ýeňiş gazanmaga beýik buýsanç döretdi.

Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz hem biz ýaşlara uly ynam bildirýär. Şol ynamyny ödemek üçin edilýän işleriň sport ulgamynda hem sany- sajagy ýok. Ynamly gadamlar bilen öňe barýan ýaşlary ýurdumyzda geçiriljek hokkeý boýunça ýaryşda üstünlik gazanmaklaryna uly badalga berilýär.elbetde her bir döwlet özleriniň sport ussatlary bilen bilelikde gelip, ýokary netijeler gazanyp, öz döwlet baýdaklaryny asmana parlatmak ugrunda jan çekýärler.

Bu günki ýaryş örän üstünlikli geçdi we her bir döwletlerden gelen türgenler özleriniň örän taýýarlykly gelendigini ýene bir gezek subut etdiler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok