Soçide Bütindünýä ýaşlar festiwaly geçirilýär

29-njy fewralda Soçi şäherinde «Sirius» federal çäginde Bütindünýä ýaşlar festiwaly başlandy. Bu çärä 180-den gowrak ýurtdan 20 müňden gowrak ýaşlar gatnaşýar. Olaryň arasynda talyplar, ýaş hünärmenler, telekeçiler, telekeçilik däl guramalaryň ýolbaşçylary, diplomatlar, žurnalistler, türgenler we medeni ussatlary bar. Festiwaly guramak we geçirmek üçin Russiýanyň ähli welaýatlaryndan 5 müňden gowrak meýletinçi gatnaşýar.

Festiwalyň esasy maksatnamasy 1-nji martdan 7-nji mart aralygynda dowam eder: ussatlyk sapaklary, ýaryşlar, kino ýyldyzlary bilen duşuşyklar, awtoulag ýaryşlary, gastronomiki görkezişler, gezelençler we sergileri öz içine alýar. Ondan soň, gatnaşyjylar Russiýanyň 30 şäheriniň üstünden gyzykly syýahat ederler, şol ýerde iri senagat, tehnologiki, ylmy we bilim merkezlerine, uniwersitetlere we kärhanalara, syýahatçylyk ýerlerine baryp görerler we taryhy gözel ýerler bilen tanşyp bilerler.

Ýeri gelende belläp geçsek, bu çärä Türkmenistan 17 gatnaşyjy gatnaşýar. Olaryň arasynda uniwersitet mugallymlary, talyplar, okuwçylar we dürli bölümleriň hünärmenleri bar.

Aýbölek ANNAGURBANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok