Türkmenistanda emeli aň we “akylly” innowasion tehnologiýalary öndüriler

Türkmenistanda innowasion tehnologiýalary, nano, bio we maglumat, kiberhowpsuzlyk, sanly, “akylly”, emeli aň we maglumat-kommunikasiýa, kompýuter, mobil programmalary, elektron enjamlaryň tehnologiýalary ugurlary boýunça önümleri öndürmekden hem-de satmak maksady bilen pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkezini döretmek teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylmyň, önümçiligiň we senagatyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, innowasion tehnologiýalary döretmäge ýaşlary işjeň çekmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkezini döretmek hakynda» Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Bu bolsa “2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary we innowasion tehnologiýalary çekmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Hereketleriň meýilnamasyndan” ugur alynýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Gülaýym Meretgeldiýewa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok