2024-nji ýylyň 3-5-nji marty aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap sergi zalynda owgan harytlarynyň sergisi we türkmen-owgan işewürler maslahaty geçiriler.
Serginiň geçýän günleri Owganystana wekilçilik edýän kompaniýalar özleriniň senagat we eksport mümkinçiliklerini açyp görkezerler.
Serginiň çäklerinde geçirilýän türkmen-owgan işewürler maslahatynyň dowamynda iki ýurduň işewürleri özara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjek gepleşikleri geçirerler.
Owgan harytlarynyň sergisiniň we türkmen-owgan işewürler maslahatynyň işiniň barşynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan göçme birža söwdalarynyň guralmagy göz öňünde tutulýar.
Ýeri gelende belläp geçsek, Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde, harytlaryň dolanyşygyny artdyrmakda, owgan kompaniýalary bilen işewür hyzmatdaşlygy ösdürmekde bu serginiň ähmiýeti uly bolar.
Maýýa ABDYRAHMANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler