Sarp edilen tebigy gaz üçin tölegleriň hasaplamalary, gaz ölçeýji enjamyň görkezijileri boýunça alnyp, 1000 (bir müň) kub metr gazyň bahasy 20 (ýigrimi) manada deň. Tölegleri nagt we nagt däl görnüşinde elektron töleg terminallar we mobil telefon arkaly «Milli paý» programmasynyň üsti bilen geçirip bolýar. Tölegler şu salgylar boýunça kabul edilýär:
Köpetdag etrabynyň G.Burunow köçesiniň 7/2 jaýy, telefon belgisi: 92–67–39.
Büzmeýin etrabynyň Büzmeýin ýaşaýyş toplumynyň Täjir köçesiniň 4-nji jaýy, telefon belgisi: 33–32–19.
Bagtyýarlyk etrabynyň G.Kulyýew köçesiniň 81-nji jaýy, telefon belgisi: 23–29–61.
Bagtyýarlyk etrabynyň Ruhabat ýaşaýyş toplumynyň Garagum köçesiniň 5-nji jaýy, telefon belgisi: 24–50–04.
Gaz ölçeýji enjamy näsaz ýa-da hatardan çykan ýagdaýynda şu salga ýüz tutmaly: Bagtyýarlyk etrabynyň W.Ahmedow köçesiniň 2-nji jaýy, telefon belgisi: 23–00–85. Gurnalan gaz ölçeýji enjamy her 5 ýyldan «Türkmenstandartlary» Baş Döwlet gullugynyň Döwlet etalon merkeziniň barlaghanasyndan nobatdaky barlagdan geçirmeli.
Emeli usulda özbaşdak ýasalan gaz enjamyndan we pejinden peýdalanmak gadagan edilýär. Diňe zawod tarapyndan taýýarlanylyp, howpsuzlyk şertleri göz öňünde tutulan gaz enjamyndan we pejinden peýdalanmak bolar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 5227 belgili Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanyň ilatyna gazy bermegiň kadalaryna» laýyklykda, merkezleşdirilen ýyladyş ulgamy bilen ýyladylýan ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýanlaryň gaz bilen ýyladylýan enjamlaryny we peçlerini oturtmaga ygtyýarlarynyň ýokdugyny ýatladýarys.
Gaz enjamlaryny özbaşdak oturtmak, gaz geçiriji turbasyna özbaşdak birikdirmek we olary bejermek gadagandyr. Bu meseleler boýunça «Aşgabatgaz» müdirligine ýüz tutmaly:
G.Burunow köçesiniň 7/2-nji jaýy. Telefon belgisi: 92–05–02.
Gazdan peýdalanylýan mahalynda, zäherlenmek, partlama, ýangyn ýaly betbagtçylyklaryň ýüze çykmazlygy üçin, gaz enjamlaryny howpsuz ulanmagyň şu aşakdaky düzgünlerini pugta berjaý ediň:
—gaz enjamlarynyň işledilýän mahaly aşhananyň penjiresiniň ýelçekeri (fortoçkasy) açyk bolmalydyr, otagyň içini ýygy-ýygydan şemalladyp duruň;
—howa tämizleýiş ýollarynyň gözeneklerini ýapmak we ýelimlemek gadagan edilýär;
—gaz pejiniň nurbatyny (krany) açmazdan ozal, ýakylgy otluçöpi ýa-da çakmagy gaz ojagynyň golaýyna eltiň;
—gaz pejiniň howur şkafynyň gaz (duhowka) ojagyny otlamazdan ozal, ony 2–3 minutlap şemalladyň;
—gaz pejiniň üstünde suwdan pürepür doldurylan gaplary goýmaň! Suwuň gaýnap, gazy öçürmegi, otagyň içine gazyň ýaýramagy ähtimaldyr;
—ýyladyjy ýa-da suw gyzdyryjy gaz enjamlaryny işletmezden ozal, şeýle hem işledeniňizden soň, 3–5 minutdan gaz enjamlarynyň tüsse çekijiligini hökman barlap duruň;
—tüsse çykaryjynyň işleýşine hemişe gözegçilik edip duruň, ony wagtly-wagtynda bejermegi we arassalamagy, tüssäni çekişini barlamagy unutmaň! Eger tüsse çekiji işlemeýän bolsa, onda 23–16–50 telefon arkaly Ýangyna garşy meýletin göreş jemgyýetiniň wekilini çagyryň;
—kiçi ýaşly çagalaryň we gazdan peýdalanmagyň düzgünlerini bilmeýän adamlaryň gaz enjamlaryndan peýdalanmagyna ýol bermäň;
—jaýyň içini gyzdyrmak maksady bilen gaz plitalaryndan peýdalanmak gadagan edilýär;
—gaz enjamy oturdylan otagda ýatmak ýa-da dynç almak gadagan edilýär.
Jaýda gazyň ysy peýda bolan ýagdaýynda:
—gaz enjamlaryndan peýdalanmagy haýal etmän bes ediň we gazyň gelýän ýolunyň nurbatyny (krany) ýapyň;
—gapylary we penjireleri açyp, içerini oňat şemalladyň;
—elektrik enjamlaryny işletmäň we öçürmäň;
—04 telefon belgisine jaň edip, gaz howpsuzlyk gullugyny çagyryň!
Gaz howply!
Gazdan ägä boluň!
Gazdan seresaply peýdalanyň!
«Aşgabatgaz» müdirligi.
Teswirler