Ýazyň ýaz ýaly şahyry

«Durna, jümjümeli, älemgoşarly,
Ülkäme toý bolup gelen, ýazlarym.
Edepli-ekramly, gunduz goşarly,
Bäs edişiň gyzlar bilen, ýazlarym…».

Ine, ýene-de bahar gelip, täze güller açyldy, dünýämize, kalbymyza tämizlik aralaşan ýaly boldy. Gurbannazar şahyryň goşgulary hem kalbymyzy çoýup dur.

Baharyň ilkinji güni ХХ asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Gurbannazar Ezizowyň doglan günüdir. Onuň türkmen halkyna miras goýan şahyrana döredijiligi nesiller tarapyndan giňden öwrenilýär. Onuň şygyrlary ýaşlara durmuşda ganat bagladýar. Çünki şahyryň döredijiligindäki gözellik, ajaýyplyk, sadalyk we ruhubelentlik millilik duýgusy bilen çeper beýan edilendir. Şeýle goşgular her bir okyjyny biparh goýanok.Gurbannazar Ezizow 1940-njy ýylyň 1-nji martynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Söwütli obasynda dogulýar. Maşgalasy Aşgabat şäherine göçüp gelenden soň, ol paýtagtymyzdaky 29-njy orta mekdepde (häzir bu mekdep G.Ezizowyň adyny göterýär) okaýar. Orta mekdebi tamamlap, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetine okuwa girýär we ony 1964-nji ýylda gutarýar. Gurbannazar mekdepde okap ýören ýyllarynda goşgy ýazyp başlaýar. 1955-nji ýylda onuň ilkinji goşgusy şol döwrüň çagalar neşirinde çap edilýär. Soňra onuň goşgulary gazet-žurnallarda çykyp ugraýar.

G.Ezizow talyplyk ýyllarynda öz döredijiligine has-da uly üns berýär. Rus şahyrlarynyň eserleri bilen giňden tanyş bolýar we olardan ençemesiniň eserlerini türkmen diline terjime edýär. Ol uniwersiteti tamamlap, goşun hatarynda gulluk edýär. G.Ezizow 1965—1970-nji ýyllarda «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynda poeziýa bölüminiň müdiri, soňra ýurdumyzyň şol wagtky ýazyjylar birleşiginde edebi maslahatçy bolup işleýär. Şol ýyllarda şahyryň «Oglan bilen deňiz», «Ynam», «Ýer-gögüň arasynda» ýaly kitaplary türkmen dilinde, «Iki agaç» kitaby rus dilinde, «Bahar säheriniň ak süýdi» kitaby eston dilinde neşir edilýär.

Gysga ömürde türkmen şygryýetinde uly belentliklere ýetmegi başaran Gurbannazar Ezizow hemişe biziň ýüregimizde ýaşaýar.

Goý, göwünleri şat edip gelen bu bahar-ýazymyz hem saçaklarymyzyň rysgal-berekedini artdyrsyn, gursagymyza ylham bolup dolsun! Enelerimiziň hüwdüleri, gyzlaryň kakýan läleleri al-ýaşyl begresli derelere-düzlere ýaň salsyn! Türkmen bahary her bir ojakda bagta öwrülsin!

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok