Eziz Diýarymyz üstünliklere beslenýär

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde degişli Karara gol çekip, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklady. 22-nji fewralda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi hem, ilkinji nobatda, hut şu maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly gaýragoýulmasyz meselä bagyşlanyp, onuň barşynda bu ugurdaky möhüm wezipeler kesgitlendi.

Maksatnama «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri şu ýyl üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, şeýle-de 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde kesgitlenen görkezijilerden, önümçilik we maliýe meýilnamalaryndan hem-de çärelerden ugur alnyp işlenip taýýarlanyldy. Onuň esasy maksatlary raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, durmuş goraglylygyny, iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek, ýurduň durmuş-ykdysady ösüş mümkinçiliklerini netijeli ulanmak, ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, milli ykdysadyýetiň innowasion-senagatlaşma derejesini has-da pugtalandyrmak, pudaklaryň, hyzmatlar ulgamynyň depginli ösüşini üpjün etmek, işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak, ähli ugurlarda «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek, daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny, ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, suw üpjünçiligini gowulandyrmak, senagat ulgamyny innowasion häsiýetde ösdürmek hem-de ähli pudaklarda sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, milli ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýumlaryň maliýe çeşmelerini kämilleşdirmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, döwlete dahylsyz bölegi ösdürmek, milli ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçmegini işjeňleşdirmek, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda kiçi we orta telekeçiligiň işiniň gerimini giňeltmek bolup, bular babatda oňyn netijeler gazanylar.

Maksatnama laýyklykda, şu ýyl jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak göz öňünde tutulýar. Ykdysadyýetiň pudaklaryny we sebitleri durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý iş ornuny döretmek göz öňünde tutulýar. Jemi içerki önümiň düzüminde, ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan, hususy pudagyň paýyny 71,4 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär. Ykdysady pudaklarda uly möçberli özgertmeler dowam etdirilip, önümçiligi kämilleşdirmäge, ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply harytlary öndürmäge aýratyn üns berler. Önümçiligiň ähli ugurlaryna innowasion we sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna, harytlaryň we hyzmatlaryň içerki bazarlarynyň giňelmegine, eksport edilýän harytlaryň sanawynyň artmagyna ýardam eder. Bu hem döwletiň maliýe binýadyny we önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmaga, raýatlaryň ýerli önümler bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Gülnabat ANNADURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok