Atym bar-ganatym bar

Gadymdan bäri türkmeniň toý gününde ýoldaşy, ýowuz günde syrdaşy bolan bedewlerimiz täze taryhy eýýamymyzda bagtyýar ýaşaýşymyzyň nurana nyşanyna, ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň belent depgininiň, asylly ýol-ýörelgelerimiziň, mukaddes maksatlarymyzyň aýdyň alamatyna, dünýä medeniýetiniň gymmatly baýlygyna öwrüldi.

Dünýäniň atşynas alymlarynyň aýtmaklaryna görä, ahalteke bedewleri dünýäniň ähli naýbaşy atlarynyň gözbaşy bolmagyndan başga-da, Allatagala ony aýratyn söýgi, üýtgeşik bir gudrat bilen ýaradypdyr. Biziň janymyz-tenimiz bilen söýýänligimiz, sarpasyny belent tutýanlygymyz hem, megerem, şonuň üçin bolsa gerek.

Ata-babalarymyzyň zähmeti hem zehini bilen kemala gelen atçylyk sungatyna türkmen halkynyň kämil dünýägaraýyşy, çuň pelsepesi, geçmişi siňendir. Owadanlykda, gözellikde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleri türkmen halkynyň buýsanjydyr, şöhratydyr. Pederlerimiz ahalteke atyny we alabaý itini özüne iň ýakyn syrdaş, dost hasaplapdyrlar. Munuň şeýledigine gojaman taryh şaýat. Türkmeniň batyr ýigitleri bilen bedew atyň arasyndaky dostluk, wepadarlyk gatnaşyklary barada ajaýyp nusgawy eserlerimizde-de giňden şöhlelendirilýär. Şol eserlerde atyň ynsan bilen dostlugy, öz eýesine wepadarlyk gatnaşyklary örän täsirli we çeperçilikli beýan edilýär.

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýurdumyzda giňden bellenilýän günlerinde biziň her birimiziň behişdi bedewlerimize bolan söýgimiz goşalanýar. Ahalteke bedewlerini bahasyny hiç bir zat bilen ölçäp bolmajak milli baýlyklarymyzyň biri hökmünde kesgitleýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Nabat KAKABAÝEWA,
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok