Häzirki wagtda dünýäde 200-den gowrak gawunyň görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. 2019-njy ýylda Ýaponiýada dünýä meşhur çaý we kofe önümlerini öndürýän “Pokka Food & Beýerage LTD” kompaniýasy tarapyndan geçirilen auksionda 2 sany “Ýubari King” gawuny 40000 ABŞ dollaryna satyldy we iň gymmat gök önümi hökmünde Ginnesiň Rekordlar kitabyna girdi.
Dünýäde diňe Ýaponiýanyň Ýubari diýen ýerinde ösdürilip ýetişdirilýän gawunyň “Ýubari King” görnüşi häzirki wagta çenli iň gymmat gök-bakja önümi bolmagynda galýar. Gawunyň bu görnüşi diňe ýyladyşhanada ösdürilip ýetişdirilýär we onuň tagamy gawundan tapawutlylykda şol bir wagtyň özünde hem garpyza, hem ananasa çalym edýär.
Gawunyň bu görnüşiniň ýapon seleksionerleri tarapyndan döredilmeginiň özi bir sungat. Gawunyň bu sortunyň takyk haýsy ýylda döredileni belli däl ýöne ol Ýaponiýanyň Hokkaýdo adasyndaky Ýubari diýlen kiçijik şäherinde döredildi. Iki sany gawunyň sortundan döredilen bu täze görnüş dünýäde tiz wagtda meşhur bolmagy başardy. “Ýubari King” döredilenden soň Ýaponiýanyň Ýubari şäheri syýahatçylaryň, agronomlaryň, biologlaryň gelim-gidimli ýerine öwrüldi.
Jeren ROZYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler