Pyragynyň doglan gününi Özbegistan tutuş ýurt derejesinde baýram etmegi meýilleşdirýär

Golaýda, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny tutuş ýurtda baýram edip, giňden bellemek barada Karara gol çekdi. Bu resminamada türkmen halkynyň beýik ogly, görnükli şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň diňe bir türk halklarynyň däl, eýsem, bütin dünýäniň edebiýat hem medeniýet taryhynda aýratyn orun tutýandygy aýdylýar.

Kararda bellenip geçilişi ýaly, «Özbegistan Magtymguly Pyragynyň eserleriniň iň köp neşir edilýän we okalýan ýurtlaryndan biri hökmünde ykrar edilendir, eýsem-de, bu tötänleýin däldir. Biziň ýurdumyzda nusgawy şahyryň goşgularynyň we olara döredilen aýdymlaryň ýaňlanmaýan öýi ýokdur, şeýle hem olary bilmeýän özbek tapylmasa gerek. Geçen asyrlaryň dowamynda Magtymguly halkymyzyň öz şahyryna öwrüldi. Onuň çuňňur pelsepe, milli ruh, ýokary çeperçilik bilen ýazylyp, bagşylary we hapyzlary, şahyrlary we ozanlary ruhlandyrýan goşgulary elmydama sahnamyzda ýaňlanmak bilen, halkyň kalbynda ýaşamagyny dowam etdirýär».

Özbek halkynyň Magtymguly Pyraga, onuň şahsynda doganlyk türkmen halkyna, onuň baý taryhyna, medeniýetine, däp-dessurlaryna, şeýle hem şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň mynasyp baýramyna bolan hormatyny has aýdyň görkezmek üçin ýurduň premýer-ministriniň ýolbaşçylygynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemek boýunça guramaçylyk komitetiniň düzümi tassyklandy we oňa iki hepdäniň dowamynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuny ýokary derejede geçirmek boýunça çäreler meýilnamasyny tassyklamak tabşyryldy.

Maksatnamada birnäçe çäre, şol sanda Magtymguly Pyragynyň «Saýlanan eserlerini», şeýle hem onuň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan ylmy makalalar ýygyndysyny çapa taýýarlamak we neşir etmek, döwlet buýurmasy esasynda, Özbegistanyň we Türkmenistanyň kinoçylarynyň hyzmatdaşlygynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan çeper film döretmek, şahyryň ömri we döredijiligi barada teatr oýnuny goýmak, ýaş ýerine ýetirijileriň arasynda «Magtymguly Pyragynyň goşgularyna aýdymlary iň gowy ýerine ýetiriji» atly ýurt bäsleşigini geçirmek, Çeperçilik akademiýasynyň Merkezi sergi zalynda özbek we türkmen halklarynyň dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny wasp edýän şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisini guramak, Ylymlar akademiýasy, ýazyjylar birleşigi, Horezm welaýatynyň häkimligi we beýleki degişli ministrlikler hem müdirlikler bilen hyzmatdaşlykda Hywada «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň özbek edebiýatyndaky we sungatyndaky orny» atly halkara ylmy maslahat geçirmek, ýokary we orta ýöriteleşdirilen, orta hünärmen bilim edaralarynda, harby bölümlerde, zähmet toparlarynda we ýurduň mähellelerinde meşhur şahyrlaryň, ýazyjylaryň we alymlaryň gatnaşmagynda duşuşyklar, edebi agşamlar guramak, 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Alyşir Nowaýy adyndaky Özbegistan Döwlet akademiki Uly teatrynda Magtymguly Pyragynyň hatyrasyna bagyşlanan döredijilik agşamyny geçirmek ýaly çäreler göz öňünde tutulýar.

Weýis DÖWLETOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok