“Maşgala we saglyk” atly duşuşyk geçirilýär

Maşgalada agzybirligi saklamak, maşgalany dogry gurmak, fiziki we psihologiki kynçylyklardan ejir çekýän zenanlara ýardam bermek we maşgalada bolup geçýän düşünişmezlikleri dogry çözmek barada maslahat kömegini bermek maksady bilen ähli zenan maşgalalar üçin “Maşgala we saglyk” atly zenanlar meetup duşuşygy geçirilýär!

Duşuşykda 37 ýyl iş tejribesi bolan Maşgala psihology, halypa lukman – Nabat Annamyradowa çykyş eder.

Annamyradowa Nabat Myradowna – Türkmen Döwlet Lukmançylyk uniwersitetini 1987-nji ýylda tamamlady. Ol saglyk ulgamynda şepagat uýasy wezipesinden başlap, saglyk öýüniň baş lukmany, 12 ýyl narkologiýa gullugynda, 18 ýyl AIDS gullugynda we 5 ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet Gullugy Akademiýasynyň okuw bölüminde baş hünärmen bolup işlän.

Häzirki wagtda dürli jemgyýetçilik guramalarynda fiziki we psihologiki saglyk barada açyk sapaklary hem-de düşündiriş işleri geçirýär, psihologiki maslahatlary berýär.

Geçirilýän ýeri: Aşgabat şäheri, Küşt Akademiýasy

Guramaçylar:

  • InAhgabat
  • TM KÜŞT AKADEMIÝA
  • Täze Älem

Gatnaşmak üçin online ýazylyň: “Maşgala we saglyk”

Habarlaşmak üçin: +99363 95 22 92

Teswirler

Sanjar Narmetow

dine zenanlar gatnashyp bilermi ya-da oglanlar baryp bilermi?