Gowaçanyň orta süýümli – «Ýolöten – 54» täze sorty döredildi

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynda alnyp barlan ylmy-barlag işiniň netijesinde gowaçanyň orta süýümli – «Ýolöten – 54» täze sorty döredildi. Bu sort ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň ilkinji we bäsleşik sort synagyndan hem-de ösümlikleriň döwlet sort synag edarasyndan üstünlikli synagdan geçdi.

Gowaçanyň orta süýümli «Ýolöten – 54» sortunyň ösümliginiň aşaky hasyl şahalary uzynrak bolup, ýokaryk gitdigiçe gysgalýar we ol piramida görnüşine meňzeş bolýar. Ösümligiň boýy 90 – 100 santimetr aralygynda bolup, baldagy – orta ýogynlykda, berk, ýykylmazakdyr. Hasyl şahalarynyň aşaky bölegi birneme uzynrak bolup, ýokaryk gitdigiçe gysgalýar. Esasy baldakda ösýän hasyl şahalaryndan goşmaça gozalar döreýär. Olaryň bogun aralary 3 – 5 santimetrdir. Esasy baldakdan gidýän şahalaryň bogunarasy 4 – 5 santimetr bolup, birinji hasyl şaha 4 – 5-nji bogundan çykýar. Ýapragy – orta ululykda, üç sany dilkawly, goýy ýaşyl reňkdedir. Güli orta ululykda, sary reňkli, bäş dilkawly, düýbi meneksiz, tozan haltajygy akjymak bolup, birneme ýokaryk çykyp durýar. Gozasy orta ululykda 4 – 5 hanaly bolup, gozanyň sypaty togalak, ujy çalaja çykyp durýar we hanalary gowy açylýar hem-de ýere dökülmän saklanýar. Bir gozadaky pagtanyň agramy 5,2 grama deňdir. Tohumy orta ululykda bolup, müň san çigidiniň agramy 96 grama deň. Süýümi ak reňklidir we ol çigitden aňsat aýrylýar. Süýüminiň hili IV tipe degişli. Bu sortuň süýüminiň çykymy 38,2 göterim, uzynlygy 32 – 33 millimetr bolýar.

Her gektardan ortaça 49,1 sentner hasyl berýär. Süýüminiň inçeligi 6 müň 53 birlige çenli barýar, berkligi 4,4 gram — güýç bolup, üzüliş uzynlygy 26,6 kilometre deň. Bu sort ösümlikleriň döwlet sort synag edarasynyň synag meýdançalarynda nusgawy sortdan hasyllylygy, süýüminiň çykymy we hili boýunça gowy netije görkezendigi üçin Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň 2022-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda çykaran 478 – Ö belgili buýrugy esasynda 2023-nji ýylyň pagta hasylynda Ýolöten etrabynyň Atçapar daýhan birleşiginde önümçilik synagyndan geçirildi. Önümçilik synagy geçirilen meýdan jemi 4 gektara deň bolup, bu täze sort häzirki wagtda giň meýdanlarda ekilýän gowaçanyň orta süýümli «Ýolöten – 39» sorty bilen deňeşdirmek üçin bir ýere ekildi. Şonda ilki bilen, nusgawy sort bolan «Ýolöten – 39» sortuny 1 gektara, onuň gapdalyndan «Ýolöten – 54» sortuny 1 gektara, ýene-de şol tertipde 1 gektara «Ýolöten – 39» we 1 gektar meýdana «Ýolöten – 54» sortlary ekildi.

Agrotehniki çäreleri önümçilik şertlerinde geçirmek esasynda bu iki sortda hem synaglar deň derejede geçirilip öwrenildi. Netijede, nusgawy sort bolan «Ýolöten – 39» sortunyň 2 gektar meýdanyndan 7 tonna 540 kilogram pagta hasyly alnyp, ortaça her gektardan 37,7 sentner, «Ýolöten – 54» sortunyň 2 gektar meýdanyndan bolsa jemi 9 tonna 160 kilogram pagta hasyly alnyp, ortaça 45,8 sentnere deň boldy. Şeýlelikde, «Ýolöten – 54» sorty nusgawy sort bolan «Ýolöten – 39» sortundan her gektardan pagta hasylyny ortaça 8,1 sentner köp berdi. Şunlukda, geçiren ylmy-barlag işlerimiziň netijeleri gowaçanyň bol hasyl berýän, ýokary hilli we süýüm çykymly, ykdysady taýdan bähbitli täze sortlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmagyň döwlete tabşyrylýan pagtanyň mukdarynyň artmagyna, ýurduň ykdysadyýetini ýokarlandyrmaga, daýhan birleşikleriň, ýekebara hojalyklaryň düşewüntliligini has-da artdyrmaga ýardam berýändigini nobatdaky gezek subut etdi.

Merjen KULOWA,

Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok