Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň nyşany görkezildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynda täze şäheriň lukmançylyk klasteriniň nyşany bilen tanyşdy.

Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda dürli maksatly önümçilik toplumlary meýilleşdirildirilip, lukmançylyk klasterine degişli toplumlaryň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň ýerli tebigy-howa şertlerine we ýokary ekologik kadalara hem-de bildirilýän talaplara, şol sanda bezeg işleriniň milli ýörelgelerine doly laýyk gelmelidigi nygtaldy.

Gahryman Arkadagymyz bu nyşanyň milli ýörelgelere laýyk gelmegi hem-de nyşanda ýerleşdirilen şekilleriň many taýdan häzirki döwrüň ruhuna doly kybap gelmelidigini nygtady. Mundan başga-da, lukmançylyk nyşanynyň halkara derejede ykrar edilmegi babatda degişli işleriň geçirilmelidigini belläp geçdi.

Arkadag şäheriniň täze tapgyrynda önümçilik desgalaryň gurulmagy diňe bir şäheriň ykdysadyýetini galdyrman, eýsem täze iş orunlarynyň döremegine mümkinçilik dörediler. Häzirki wagtda şäheriň gurluşygynda dünýä ülňilerine laýyk gelýän tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu bolsa öz gezeginde alnyp baryljak işleriň hilini has hem artdyrar.


Göwher Çopanowa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we Informatika Institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok