Ýurdumyzda «Lukmançylyk durmuş işgäri» diýen täze hünär ornaşdyrylýar

ÝUNISEF-iň goldamagynda lukmançylyk-durmuş kömegi ugrundan täze hünärmenleriň birinji goýberilişi üçin guralan «Maýyplaryň durmuş inklýuziýasyna gönükdirilen lukmançylyk-durmuş işiniň esaslary» atly sekiz aýlyk okuw tamamlandy. Taglymat temalary we dürli döwrebap hünär usullary baradaky maglumatlar bilen birlikde, oňa gatnaşanlar çaganyň irki ösüşi we irki kömek babatda has çuňňur bilim aldylar, zerur usullary öwrendiler.

Okuw käbir Türkmenistandaky ilkinji lukmançylyk-sanitar edaralarda ýerleşýän täze lukmançylyk-durmuş işgärleriniň maýyp çagalaryň we olaryň maşgalalarynyň durmuş inkluziýasyna ýardam etmekde ýörite hyzmatlary bermek mümkinçiligini giňeltdi. Bu hünärmenler kiçijik çagalaryň psihiki saglygy, fizioterapiýasy we zähmeterapiýasy, kommunikasiýasy, ýardamçy tehnologiýalar we önümler ýaly anyk ugurlarda bilim aldylar.

Şu ugurdan hünärmenleri taýýarlamak kiçijik ejiz çagalary we olaryň maşgalalaryny goldamak üçin ökde hünärmenleri ýetişdirmek boýunça ileri tutulýan milli ugurlara laýyk gelýär. ÝUNISEF Türkmenistana lukmançylyk-durmuş we durmuş inklýuziýasy hyzmatlary ulgamynda milli mümkinçilikleri güýçlendirmek tagallalaryna geljekde-de goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Kerem MUHAMMEDOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok