Türkmenistanda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) tarapyndan goldanýan taslamalaryň karz bukjasynyň takmynan 24 million ýewro barabardygyny bellemek gerek. Bankyň karz bukjasy 22 taslamany durmuşa geçirmek üçin niýetlenendir.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň taslamalarynyň bukjasy ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna maýa goýumlaryň giň toplumyny öz içine alýar. Munuň özi ýurduň ösüşinde möhüm orny eýeleýän we ykdysady ösüşine hem-de durnuklylygyna täsirini ýetirýän senagata, söwda we oba hojalygyna maýa goýumlary özünde jemleýär.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň geçiren barlaglary ähli maýa goýum bukjasynyň häzirki wagtda Türkmenistanyň hususy pudagyny goldaýandygyny ýüze çykarýar. Bank Türkmenistandaky dürli taslamalaryň 87-si üçin 324 million ýewrodan gowrak maýa goýdy.
Jeren ABDULLAÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Teswirler