Häzirki wagtda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi we ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde 2024-nji ýylyň dowamynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň meýilnamasy taýýarlanyldy. Bu resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen guramanyň özara gatnaşyklarynyň esasy ugurlary boýunça anyk çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Umuman, şu ýylyň dowamynda 37 sany taslamany amala aşyrmak meýilleşdirilýär.
Syýasy ulgamda parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmäge, häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmaga gönükdirilen taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.
Ykdysady we ekologiýa ugurlarynda meýilleşdirilýän taslamalar ykdysadyýeti, sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmaga, ekologik howpsuzlygy berkitmäge, howanyň üýtgemegi bilen bagly möhüm meseleleri çözmäge ýardam eder.
Ynsanperwer ulgamda hem birnäçe taslamalary amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Şol taslamalarda ylym we bilim, adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, ýurdumyzyň demokratik institutlarynyň esaslaryny kämilleşdirmek, gender deňligini üpjün etmek, raýatsyzlyk meselelerini çözmek, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmek ýaly ugurlarda çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Eziz DAŇATAROW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.
Teswirler