“Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahat geçiriler

Türkmenistanda “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahaty geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada 23-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bellenilip geçildi.

Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mertebäniň we buýsanjyň gymmatly çeşmelerine öwrülen şöhratly türkmen taryhy, maddy we ruhy mirasy ylmy esasda düýpli öwrenilýär.

Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletler tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli şu ýylyň 27-nji martynda “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahaty geçiriler.

Halkara ylmy maslahata Türkmenistandan, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Russiýa Federasiýasyndan, Türkiýe, Özbegistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyz Respublikalaryndan we beýleki daşary ýurtlardan tanymal taryhçylaryň, arheologlaryň, gündogary öwrenijileriň, professor-mugallymlaryň we ýaş alymlaryň, muzeý işgärleriniň gatnaşmaklaryna garaşylýar.

Foruma gatnaşyjylar şeýle hem şu ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde guraljak dabaralara we çärelere gatnaşarlar.

Leýla MÄTÝAKUBOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok