Döredijilige hem-de ylhama ganat berýän Aşgabadyň esasy köçelerini we şaýollaryny boýlap seýran edeniňde, her bir duralganyň diýen ýaly «Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna», «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen ýazgyly diwarlyklar bilen bezelendigini görmek bolýar.
Türkmen kalbynyň aýnasyna deňelýän söz ussadynyň watançylyk, agzybirlik, edep-terbiýe häsiýetli şygyrlaryndan setirlere-de duralgalaryň diwarlyklaryndan orun berilmegi olara gözi düşenleriň kämil setirleri okap, ruhy lezzet almagyna mümkinçilik döredýär. Duralgalardan ak ýollara rowana bolýan ýa-da salgysyna gowşan dürli kärdäki raýatlaryň, mekdep okuwçylarydyr talyplaryň, myhmanlaryň akyldar şahyrymyza sarpasyny, ata Watanymyza söýgüsini, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işlere buýsanjyny has-da artdyrýar.
Ýokary hilli çap edilen, gijelerine LED çyralar bilen ýagtylandyrylýan diwarlyklarda, esasan-da, Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň», «Türkmen binasy», «Äleme belgilidir», «Depe nedir, düz nedir», «Zor bolar», «Gerekdir», «Söhbet ýagşydyr», «Bolar sen», «Adamzat» ýaly çuňňur many-mazmuna, filosofik garaýyşlara baý ajaýyp şygyrlaryndan setirler ýerleşdirilipdir.
Ýurdumyzyň şekillendiriş sungatynyň wekilleriniň akyldar şahyra bagyşlap döreden heýkeltaraşlyk hem nakgaşlyk eserleriniň fotosuratlarynyň milli äheňdäki haly gölleridir nagyşlar, şekiller bilen haşamlanyp bezelmegi diwarlyklara göze gelüwli görnüş berýär.
Güljahan AGANAZAROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler