Ýaňy ýakynda Türkiýäniň Ankara uniwersitetinde bu ýerde zähmet çekýän türkmen alymy, ildeşimiz Berdi Saryýewiň okatmagynda «Magtymgulyny öwreniş» sapagy geçirildi. «Magtymgulyny öwreniş» sapagyndan soňra bu bilim ojagynda Magtymguly burçunyň açylyş dabarasy boldy. Beýik türkmen akyldarynyň hormatyna açylan bu burç Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi mynasybetli türkmen alymy Berdi Saryýew tarapyndan döredildi.
Magtymguly burçunda beýik türkmeniň şahyry Magtymguly Pyragynyň dürli dillerde çykan kitaplary, onuň döredijiligine degişli monografiýalar, goralan dissertasiýalar, žurnallardaky ylmy makalalar, golýazmalary esasynda ýazylan ylmy işler, Magtymgulynyň 3 jiltlik goşgularynyň CD görnüşindäki audido ýazgysy (sesli okalyşy), Magtymguly kinofilmi, Berdi Kerbabaýew tarapyndan ýygnalyp 1926 ýylda arap harpy bilen ýazylan nusgasy basylan kitaby we Eýranda taýýarlanylyp neşir edilen 2 jiltlik kitaby ýerleşdirilipdir.
Çäre TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip, ata Watanymyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde bolsa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylymyzda örän giň gerimde bellenilýän beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesini uludan dabaralandyrmak maksady bilen geçirildi.
Toýly Jänädow,
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň
Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy.
Teswirler