Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan Meýilnama laýyklykda, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 26-njy martynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda bu waka mynasybetli guraljak çärelere badalga bermek dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada 23-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bellenilip geçildi.
Dabaranyň çäklerinde türki halklaryň wekilleriniň gatnaşmagynda birnäçe çäreleri, konserti, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň hem-de fotosuratçylaryň eserleriniň sergisini, halkara ylmy maslahaty, şeýle hem TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň döwlet we milli muzeýleriniň ýolbaşçylarynyň maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda metbugat maslahatyny geçirmek hem meýilleşdirilýär.
Toýly BAÝRAMOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler