Türkmen şekillendiriş sungatynda öçmejek yz galdyran Aýhan Hajyýewiň eserleri türkmen nakgaşçylyk sungatynyň gaznasyny düzýär. Ol 1924-nji ýylyň 26-njy aprelinde Aşgabat şäheriniň Bagyr obasynda dünýä inýär. Onuň sungat älemine aralaşmagyna keşde çekmäge ökde ejesi itergi berýär. Ol oglunyň çagalykdan surat çekmäge bolan höwesine üns berip, onuň zehinini ösdürmekde yhlasyny gaýgyrmaýar. Ol çeperçilik tehnikumynyň ýanyndaky mekdebiň sungat bölümine okuwa girýär. 13 ýaşyndaka «Pagta meýdanyndaky dynç alyş» atly suraty Moskwada guralan çagalaryň suratlarynyň Bütinsoýuz bäsleşiginde ikinji orna mynasyp bolýar. Ilkinji üstünliginden ruhlanan Aýhanda özüne ynam döräp, ol surat çekiş tilsimlerini kämilleşdirmäge çalyşýar.
Suratkeş döredijiligini eziz Watanyna, mähriban türkmen halkyna, mukaddes ene topragyna we milli gymmatlyklarymyza bagyşlaýar. Onuň eserleriniň baş gahrymanlary daýhanlar, zähmetkeş halk. Şeýle hem onuň döredijiliginiň agramly bölegini Döwletmämmet Azady bilen türkmen halkynyň kalbynda müdimilik orun alan beýik Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň keşpleri eýeleýär.
Ussat suratkeş öz döredijiliginde Magtymgulynyň keşbine birnäçe gezek ýüzlenýär. Olardan «Bir bitewi maşgala» («Bäşimiz») 1983ý., «Meňli» 1983ý., «Magtymguly zergärçilik ussahanasynda» 1959ý. atly eserlerinde ol Magtymgulynyň ömür we döredijilik ýoluna içgin aralaşyp, baý reňk sazlaşygynda beýan edýär.
Ussat suratkeş Aýhan Hajyýewiň bitiren hyzmatlaryna uly sarpa goýulýar. Oňa 1963-nji ýylda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, 1967-nji ýylda Türkmenistanyň halk suratkeşi diýen hormatly atlar dakylýar. 1973-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi bolýar. 1978-nji ýylda Türkmen döwlet politehniki institutynyň binagärçilik kafedrasynyň professory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty diýen ylmy derejeleri berilýär.
Sewil ŞAHMÄMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler