Gökdepe etrabynyň çägindäki mermer we granit işlenilýän zawodyň hünärmenleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji aýyny guwandyryjy görkezijiler bilen jemlediler.
«Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bu öňdebaryjy kärhanasynyň agzybir we zähmetsöýer işçi-hünärmenleri tarapyndan geçen aýda 652 müň manatlyga golaý önüm öndürildi. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 263,8 göterim ösüş depgininiň üpjün edilendigini aňladýar. Şol döwürde kärhanada 2,5 müň inedördül metre barabar önüm öndürildi.
Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň bu iri kärhanasynda işlenip taýýarlanylýan mermer we granit daşlaryna islegiň artmagy önümleriň hiliniň ýokarydygy bilen baglanyşyklydyr.
Kerwen DURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler