«Daşoguzenergo» önümçilik birleşiginde geçen aý göz öňünde tutulan meýilnamalar üstünlikli ýerine ýetirildi

Demirgazyk welaýatyň iri senagat kärhanalarynyň biri hasaplanýan «Daşoguzenergo» önümçilik birleşiginde we onuň düzümlerinde şu ýylyň ýanwar aýy üçin göz öňünde tutulan meýilnamalar üstünlikli ýerine ýetirilip, ähli ugurlar boýunça oňat görkezijiler gazanyldy.

Öz düzümine 7 sany etrap hem şäher elektrik ulgamlaryny birleşdirýän bu önümçilik birleşiginde sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen doly derejede üpjünçiligini ýola goýmak maksadynda, elektrik ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek, täze energetika desgalaryny gurmak, bar bolanlarynyň sazlaşykly işlemegini gazanmak babatda zerur çäreler geçirilýär. Birleşigiň hasabynda dürli kuwwatlykly transformator beketleriniň 3400-den, elektrik geçiriji ulgamlaryň bolsa 330-dan gowragy bar. Häzirki wagtda jemi 12 müň 500 kilometrden gowrak elektrik geçirijiler bolup, olaryň 12 müň 300 kilometri howa, galan bölegi hem kabel arkaly geçiriji ulgamlardyr.

Birleşige degişli 50-den gowrak elektrik bekedi arkaly sebitiň ilaty, sarp edijiler gije-gündiziň dowamynda elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün edilýär. Welaýatda döwrebap elektrik stansiýasynyň gurlup ulanmaga berilmegi elektrik energiýasy bilen üpjünçilik meselesiniň doly derejede çözülmegine şert döretdi. Kuwwatlylygy 254 megawatdan hem köp bolan, iki sany gaz turbinaly bu stansiýanyň öndürýän energiýasy welaýatyň sarp edijilerinden daşgary beýleki ýurtlara hem berilýär.

2024-nji ýylda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin bu ýerde täze meýilnamalar işlenip düzüldi. Täze taslama laýyklykda, güýjenmesi 220 kilowolt, uzynlygy hem 25 kilometre barabar bolan Daşoguz — Daşoguz döwlet elektrik stansiýasy ugry boýunça iki zynjyrly howa elektrik geçirijisini çekmek göz öňünde tutulýar. Maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylmagy bu döwrebap stansiýada öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberini has-da artdyrmaga oňaýly şertleri döredýär.

Häzirki wagtda halkalaýyn energoulgamyň Balkan — Daşoguz ugry boýunça ikinji tapgyrda gurluşyk-gurnama işleri ýokary depgine eýe bolýar. Jemi uzynlygy 560 kilometre barabar iki zynjyrly ýokary woltly elektrik geçirijisiniň bu ugrunyň uly bölegi Garagum sährasyny aralap geçýär. Onuň baş maksady ýurtda elektrik energiýasynyň öndürilişini köpeltmekden, ähli welaýatlaryň energiýa ulgamlaryny bitewi energetika halkasyna birleşdirmek arkaly, içerki sarp edijileri energiýa bilen üpjün etmegiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakdan, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmakdan ybarat. Bu ugurda täze satyn alnan kuwwatly gurluşyk tehnikalary, beýleki gurallar netijeli ulanylýar. Gurluşyga ýurduň telekeçileri işjeň gatnaşýarlar. Pudakda hereket edýän «Ýedi tolkun» hem-de «Altyn Tug» hususy kärhanalary bitewi ulgamyň Daşoguz ugrunda netijeli işleýärler.

Rahym GUWANÇMYRADOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok