“Biz hünär saýlasmy? ýa-da hünär bizi” temasy boýunça ýaşlar duşuşygy geçirildi

Jemgyýetde öz ornuňy tapmak, hünäri dogry saýlamak, ýaşlarda hünär saýlamak bilen bagly ýüze çykýan meseleleri açyk gürrüňdeşlik arkaly çözmek maksady bilen Aşgabat şäherinde ýerleşýän TM KÜŞT akademiýasynda “Biz hünär saýlasmy? ýa-da hünär bizi” temasy boýunça ýaşlar bilen duşuşyk geçirildi.

Bu duşuşygyň aglaba diňleýjileri Aşgabat şäherindäki mekdep okuwçylary we ýokary okuw mekdepleriň talyplary boldular. Duşuşykda jemgyýetçi mugallym Merdan Ataýew hünär bilen bagly öz durmuş tejribelerini ýaşlar bilen paýlaşdy.

TM KÜŞT akademiýasynyň, Täze Älem kitap dükanynyň hem-de InAshgabat habar portalynyň guramagynda geçirilen bu duşuşykda ýaşlar özüni gyzyklandyrýan soraglar arkaly pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda birnäçe diňleýjilere “Täze Älem” kitap dükanynyň adyndan bijeli sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok