Pariž şäherinde 24-25-nji aprelde TEIF 2024 halkara forumy geçiriler

Fransiýanyň Pariž şäheriniň “Hyatt Regency Etoile” myhmanhanasynda şu ýylyň 24-25-nji aprelinde Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara forum (TEIF 2024) geçiriler.

Forum “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti we “GaffneyCline” britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralýar.

Dünýäde iň iri ýataklaryň biri bolan “Galkynyş” gaz ýatagyna eýelik edýän, Gün we ýel energetikasyny ösdürmek üçin amatly şertleri bolan Türkmenistan energetikanyň täze görnüşlerine ählumumy geçiş hereketine işjeň uýgunlaşýar. Pariž şäherinde geçiriljek forumda Türkmenistan energiýa serişdeleriniň mümkinçilikleri bilen daşary ýurtly maýadarlary tanyşdyrar.

“TEIF 2024” forumy Hazar deňzindäki uglewodorod baýlyklaryny özleşdirmek üçin daşary ýurt maýalaryny çekmegä, geljegi uly ýataklarda gazyp alyş işlerini utgaşdyrmaga, “Galkynyş” gaz känini özleşdirmäge, TOPH gaz geçirijisini we täze gaz önümçilikleri gurmaga ünsi çeker. Metan zyňyndylaryny azaltmak meselelerine ýörite mejlis bagyşlanar. Gatnaşyjylar şeýle-de Türkmenistanyň gurluşyk we ulag toplumlaryndaky mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar.

“TEIF 2024” forumynda öňdebaryjy kompaniýalaryň we maliýe düzümleriň gatnaşmagynda geljegiň ählumumy energetikasynda Türkmenistanyň eýeleýän orny, nebitgaz toplumynda täze açylýan maýa goýum mümkinçilikleri, uglewodorod serişdeleri gazylyp alnanda zyňyndylary azaltmak, düzümleýin taslamalara maýa goýumlary çekmek işini çaltlandyrmak meseleleri, arassa energetika pudagynda taslamalary ilerletmekde maliýe institutlaryň orny maslahatlaşylar.

Foruma gatnaşjak wekiliýetleriň sanawy “CNPC”, “BP”, “Exxon Mobil”, “Petronas”, “ADNOC”, “Mitro International”, “Buried Hill”, “NAPECO”, “Dragon Oil”, “ENI”, “Lukoýl” ýaly öňdebaryjy halkara kompaniýalaryň; Halkara energetika agentligi (MEA), Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi (IRENA), Ählumumy gaz merkezi (GGC), Gazy eksport ediji döwletleriň maslahaty, Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy (OPEK), Energetika Hartiýasynyň Sekretariaty ýaly halkara guramalaryň; BMG, ÝHHG, Bütindünýä Banky, Aziýa Ösüş banky, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky ýaly köp sanly halkara guramalaryň hem-de maliýe edaralarynyň wekillerini öz içine alýar.

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok