“Belarus segodnýa” atly neşirýat öýi özüniň “sb.by” web-saýtynda “Kliniki ölümden soň hassany halas etdi: Minskiýniň 4-nji hassahanasynda Belarusyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde bilim alýan türkmenistanly talyp zähmet çekýär” ady bilen makala ýerleşdirdi. Bu makalanyň gahrymany Belarusyň baş lukmançylyk ýokary okuw mekdebinde bilim alýan 6-njy ýyl talyp Aman Alymow bolup durýar.
Aman Alymow – häzirki wagtda okuwyndan daşary Minskiýniň kliniki hassahanasynda gijeki nobatçylykda şepagat dogany bolup işleýär. Ol geljekde 2 ýyllyk ordinatura okuwyny okamagy hem meýilleşdirýär. Ol geljekde ýokary bilimli rewmatolog bolar. Türkmenistanly talybyň lukmançylyk hünärine aralaşyşy we şepagat doganynyň iş tertibi barada gürrüň berýän makala Amanyň kliniki ölümden soň hassany halas edişi bilen bagly täsin wakany hem beýan edýär.
Elbetde ildeşlerimiziň eden ýagşy işleri baradaky şunuň ýaly makalalary okamak adamlarda ýakymly duýgulary oýaryp, hemmeleri buýsandyrýar.
Ogulnur AGAMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler