Türkmen kompaniýasy önümçilikde Gün energiýasyny ulanmakda ilkinjileriň biri boldy

Türkmenistanda şahsy arassaçylyk we ýuwujy serişdeleriň önümçiliginde öňdebaryjy bolan «Täç hil» türkmen kompaniýasy önümçilikde Gün energiýasyny ulanmakda ilkinjileriň biri boldy.

Kompaniýa zawodynyň üçeginde kuwwatlylygy 12 kWt sagat bolan Gün batareýasyny we 5 kWt sagat akkumulýator batareýasyny gurnamaklyga maýa goýýar. Munuň özi «Täç hil» kompaniýasyna gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine bölekleýin geçmäge, elektrik toruna düşýän agramy azaltmaga we daşky gurşawa täsirini peseltmäge mümkinçilik berer.

Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky (ÝTÖB) ESG maksatnamasynyň çäklerinde “Täç hil” kompaniýasyna maslahat beriş goldawyny berýär. Bu bankyň bilermenleriniň bellemegine görä, “Täç hil” Merkezi Aziýanyň telekeçiliginiň durnukly ösüşe bolan ymtylyşynyň mysalydyr.

Kompaniýa önümçiliginde öňdebaryjy tehnologiýalary we ýokary hilli çig mallary ulanýar. ÝTÖB-niň goldaw bermegi bilen, kompaniýa hili dolandyryş ulgamyny ornaşdyrýar we önümçiligi BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk getirýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, 2006-njy ýylda esaslandyrylan “Täç hil” hususy kärhanasy häzirki wagtda polietilen torbalaryň dürli görnüşleriniň (senagat ugurly önümleri gaplamak üçin, oba-hojalyk harytlary, iýmit we azyk önümlerini gaplamak üçin) zir-zibil salmak üçin hoşboý ysly hem-de ýüpli we ýüpsiz torbalaryň, çygly süpürgiçleriň, gap-gaç ýuwujy serişdeleriň, suwuk sabynlaryň, atyr ysly köpürjikli sabynlaryň, gel we suwuk görnüşli antibakterial serişdeleriň, ýakymly ys berijileriň, aýna ýuwujy serişdeleriň, atyrlaryň we suwuk egin-eşik ýuwujy serişdeleriň önümçiligini alyp barýar.

Ejegül AMANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok