Gahryman Arkadagymyzyň parasatly mana ýugrulan ajaýyp goşgusyndan ylhamlanyp, üstümizdäki ýyly “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýip atlandyrmak hem-de Türki medeniýetiniň halkara guramasy tarapyndan “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýlip yglan edilmegi görnükli söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramynyň milli we halkara derejede giňden belleniljekdigine şaýatlyk edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda dabarasy bütin dünýä ýaýylan Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramyna dünýä halklary uly derejede taýýarlyk görýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem doganlyk halklaryň maşgala ojaklarynda hem dana şahyryň şygyrlary söýlüp okalýar. Şahyryň sözlerine döredilen aýdymlar dürli dillerde belentden ýaňlanyp, ýaş nesilleri terbiýelemkde uly mekdep bolup durýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän giň möçberli işleri esasynda milli şahyrymyzyň gymmatly mirasy ýedi yklyma ýaýraýar.
Mekan NURYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler