Kitap – ruhy hazyna

Adamyň döreden täsin we beýik gymmatlyklarynyň biri-de kitapdyr. Kitap – döwürleriň aýnasy, adamzadyň nesillerine goýup gidýän, bahasyna ýetip bolmajak hazynasy. Merdana halkymyz goja taryhyň dowamynda ruhy gymmatlyklara hemişe uly sarpa goýup, olara aýratyn ähmiýet beripdirler. Kitap okamagy söýýän halkyň gelejeginiň parlakdygyna olar anyk göz ýetiripdirler. Ynsanyň ruhy dünýäsiniň gözel bolmagynyň esasy bolup durýan medeniýet hakynda gürrüň edilende, akyl-paýhas hazynasy bolan kitaplar älemi göz öňünde bada-bat janlanýar. Kitaplar jemgyýeti kämilleşdirmekde ilkinji zerurlyk bolup durýar. Ol adamlaryň döredijilik ukyplarynyň açylmagyna, giň gözýetimli bolmagyna, biliminiň artmagyna ýardam edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandyrylyp, bitewi elektron kitaphana ulgamy kemala geldi. Türkmenistanly okyjylar üçin döredilýän bu amatly mümkinçilikler kitapsöýüjiler jemgyýetiniň barha giňemegine getirýär. Halkara kitaphana ulgamynyň üsti bilen kitaplary we beýleki neşir önümlerini halkymyza ýetirmek bilen bagly uly tagallalar edilýär.

2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda ýurdumyzyň ýaşlaryny watansöýüjilik, wepalylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde kitaphanalaryň mümkinçilikleri barha giňelýär.   

Aýnur AŞIROWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok