Durmuş ugurly syýasatyň dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsi

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sport ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki diýarymyzda ilatyň saglygyny goramak köpugurly wezipe bolmak bilen, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, aýratyn-da ýaş nesli köpçülikleýin bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga işjeň çekmek çäreleri ýola goýulýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda halkymyza hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleri barha giňeldilýär, onuň hili ep-esli ýokarlandyrylýar. Ilatyň saglygyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde köpugurly sport toplumlary, sport merkezleri, döwrebap stadionlar guruldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem ýaşajyk raýatlarymyz baradaky aladany baş maksat edinip, paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlardaky hassahanalarda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaş türkmenistanlylaryň bejergi işleriniň çykdajylaryny tölemek we olara saglygy goraýyş maksatly zerur serişdeleri satyn almak üçin pul serişdeleri yzygiderli bölünip berilmegi diýseň guwandyryjydyr.

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, bedenterbiýäniň we sportuň giňden wagyz edilmegi ýaş nesliň mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmäge, işjeň dynç almak üçin ýörite zolaklaryň, sport meýdançalarynyň döredilmegi, bilim we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň gurluşygynda sport desgalarynyň göz öňünde tutulmagy ýaş nesliň saglygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Häzirki zaman sport merkezlerinde yzygiderli geçirilýän köpçülikleýin sport bäsleşikleri, halkara ýaryşlary ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegine uly goşant bolup hyzmat edýär. Geçirilýän ýaryşlaryň üstünliklere beslenmegi ata Watanymyzyň iri halkara sport ýaryşlaryny mynasyp derejede kabul etmäge ukyply sport döwleti hökmündäki at-abraýyny nobatdaky gezek tassyklaýar we ähli watandaşlarymyzyň buýsanjyny has-da artdyrýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da sport ulgamynda täze ýeňişleri, täze netijeleri gazanmak ugrunda ýola goýulýan işler hem-de ähmiýetli wakalar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň dabaralandyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok