«Arkadag» futbol kluby Abu-Dabi şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna başlady

«Arkadag» futbol kluby Abu-Dabi şäherinde (BAE) ikinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna başlady. Okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 4-nji marta çenli dowam eder. Topar şol ýerde Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsümine ykjam taýýarlyk görmek maksady bilen, her gün iki wagtyna güýçlendirilen türgenleşikleri geçýär.

Wladimir Baýramowyň şägirtleri bu okuw türgenleşik ýygnanyygynyň çäginde ýoldaşlyk duşuşyklarynyň üçüsini geçirmegi meýilleşdirýärler.

Şolaryň ilkinjisi 18-nji fewralda bolup, klub Russiýanyň «Pari NN» toparynyň garşysyna çykdy. Aşgabat wagty bilen 19:00-da başlanan duşuşyk Arkadag şäheriniň adybir toparynyň peýdasyna tamamlandy — 2:1.

«Arkadag» futbol kluby nobatdaky ýoldaşlyk duşuşygy 21-nji fewralda Russiýanyň häzirki çempiony bolan «Zenit» toparynyň garşysyna geçirer. Şondan soň — 25-nji fewralda bolsa Türkmenistanyň häzirki çempiony hem-de Kubogynyň eýesi hökmünde uly abraý gazanan kluba Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygy garaşýar.

Annamuhammet ORAZGELDIÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok