Amazon tokaýlygy 2023-nji ýylda iň agyr guraklygy başdan geçirdi. Birnäçe şäherlere deňiz arkaly gatnaw kesildi. Sebitdäki tokaý ýangynlary köpeldi we ýabany tebigata uly zeper ýetdi.
Käbir alymlar şeýle howa hadysalarynyň dünýäniň iň uly tokaýyny yzyna gaýdyp bolmajak derejede ýitgä sezewar edýändigini belleýär.
Adatdan daşary biodürlülige eýe bolmakdan başga-da, Amazon tokaýlygy, käbir çaklamalara görä takmynan 150 milliard tonna uglerody özüne siňdirýär. Köp alymlar tokaýyň gurap, sawana öwrülmeginden howatyrlanýarlar.
Amazon tokaýy häzirki wagtda öz howa ulgamyny döredýär. Ýagyş tokaýynda suw agaçlardan bugarýar we agaçlaryň üstünden hereket edýän ýagyş bulutlaryny emele getirýär. Şonuň üçin suw bäş-alty gezek gaýtadan işlenýär.
Şeýlelik bilen, tokaý içindäki durmuşy dowam etdirmek üçin salkyn we çygly bolup galýar we zerur suw bilen iýmitlenýär. Şeýle-de bolsa, tokaýyň uly bölegi gurap ýitip ýok bolsa, bu mehanizm dargap biler. Bu bolsa yzyna gaýtaryp bolmaýan ýitgä getirip biler.
Leýla IMAMOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler