Pudagy kämilleşdirmek arkaly onuň işiniň netijeliligi ýokarlandyrylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bäsdeşlige ukyply obasenagat toplumyny kemala getirmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we netijede bolsa ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sebäbi oba hojalyk pudagy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup çykyş edýär. Obasenagat toplumyny düýpli özgertmek we kämilleşdirmek arkaly onuň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, oba hojalyk önümlerini öndürijilerine hemmetaraplaýyn goldaw bermek, düzümleýin döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, oba hojalyk ylmyny hem-de seçgiçiligi ösdürmek, pudagyň düşewüntliligini artdyrmak, täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, innowasiýalary hem-de ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, öňdebaryjy usullary giňden ornaşdyrmak esasy ugurlaryň hatarynda durýar. Oba hojalyk toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagyna häzirki zaman usulynda çemeleşilýändigini «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» hem tassyklaýar. Oňa laýyklykda ähli welaýatlarymyzda azyk, guşçulyk, et-süýt önümçilik kärhanalarynyň senagat kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin zerur bolan şertler hem döredilýär.

Mälim bolşy ýaly, hususy önüm öndürijiler oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmelere öz goşantlaryny goşmak bilen, täze agrotehnologiýalary, suw tygşytlaýjy ulgamlary, öňdebaryjy tejribäni we ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrýarlar, ussat telekeçiler ýyladyşhanalarda gök-bakja ekinlerini, eksport edilýän azyk harytlarynyň arasynda uly paýy bolan ekologik taýdan arassa gök önümleri, miweleri ýetişdirmekde baý tejribe topladylar.

Türkmenistan ýurdumyz BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk saklamak bilen, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda, daşky gurşawyň täsirlerine uýgunlaşan usullar esasynda bu pudagy ösdürmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm çäreleri alyp barýar. Azyk ulgamyndaky sebit we halkara hyzmatdaşlygyň höweslendirilmegine gönükdirilen çäreleriň geçirilmegi oba hojalyk pudagyny dolandyrmagyň netijeli ulgamyny döretmeklige, Obasenagat toplumyny düýpli özgertmek we kämilleşdirmek arkaly onuň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmaga uly ýardam berýär. Şeýle-de Türkmenistan Watanymyz Merkezi Aziýada suw serişdeleriniň goralmagyna, rejeli peýdalanylmagyna gönükdirilen halkara resminamalary işläp taýýarlamak bilen bagly çäreleri üstünlikli ýerine ýetirýär. Umuman, hormatly Prezidentimiziň obasenagat toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli alnyp barylmagy agzybir halkymyzyň we ata Watanymyzyň abadançylygynyň hem-de gülläp ösüşiniň kepili bolup çykyş edýär.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok