Golaýda, ýagny 2024-nji ýylyň 13-14-nji fewralynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Ermenistanyň Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde bu birleşigiň Martiros Sarýan adyndaky Sergiler zalynda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi, şeýle hem türkmen edebiýatynyň görnükili wekili Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan surat sergisi gurnaldy.
Sergä Ermenistan Respublikasynyň ylym-bilim edaralarynyň wekilleri, suratkeşler, Ermenistandaky daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar. Şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň – Armenpress, ArmiInfo habarlar agentlikleriniň we МИР 24 teleýaýlymynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň açylyş dabarasynda Ermenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Suren Safarýan çykyş etdi we sergini açmak üçin Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisine söz berdi. Türkmenistanyň Ilçisi Magtymguly Pyragynyň nesillere dünýä edebiýatynyň we medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen ölmez-ýitmez eserleri miras goýandygyny belledi.
Ýeri gelende belläp geçsek, Magtymguly Pyragynyň eserleri 1959, 1983 we 2014-nji ýyllarda ermeni diline terjime edildi.
Serdar TÄŞLIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.
Teswirler