Türkmenistanly samboçylar halkara ýaryşda 15 medal gazandylar

Minskde geçirilen Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýraklary ugrunda XXVIII halkara ýaryşynda türkmen samboçylary 4 altyn, 3 kümüş we 8 bürünç, jemi 15 medal eýelediler.

Bäsleşige on ýurtdan – Ermenistandan, Belarusdan, Bolgariýadan, Germaniýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Hytaýdan, Russiýadan, Täjigistandan we Türkmenistandan 200-e golaý türgen gatnaşdy. Iki günüň dowamynda türgenler erkekleriň we zenanlaryň arasynda sport sambosynyň hersinde ýedi, şeýle hem erkekleriň söweş sambosy boýunça 21 medal toplumy ugrunda bäsleşdiler.

Toparlaýyn ýaryşda Türkmenistanyň topary Belarusyň (8 altyn, 9 kümüş we 16 bürünç medal) we Russiýa Federasiýasynyň (6 altyn, 4 kümüş we 10 bürünç medal) samboçylaryna degişlilikde ilkinji iki orny gidirip, 3-nji orny eýeledi.

Begençmyrat BATYROW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok