Türkmenistanly eminler Russiýanyň we Gazagystanyň güýçli klublarynyň duşuşyklaryna eminlik etdiler

Türkmenistanly eminler topary FIFA-nyň emini Daşoguzdan Alybek Sapaýewden we onuň kömekçileri – Aşgabatdan Babanazar Haknazarowdan we Daşoguzdan Pälwan Pälwanowdan ybarat, eminler topary Russiýanyň we Gazagystanyň güýçli klublary – «Krasnodaryň» we «Astananyň» ýoldaşlyk duşuşygyna eminlik etdiler.

Oýun Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabide geçirildi, bu ýerde 4-nji martda başlaýan milli çempionata taýýarlygyň çäklerinde ýurdumyzdan 13 futbol emini we FIFA-nyň 2 instruktory okuw-türgenleşik ýygnanşygyny geçirýärler.

Onuň barşynda FIFA-nyň instruktorlary Allabergen Sapaýewiň we Maksat Seýitgulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen eminleri beden taýýarlygy bilen meşgullanýarlar, sport zalynda türgenleşýärler, oýun taglymatyny we düzgünlerini öwrenýärler, şeýle hem ýoldaşlyk duşuşyklara eminlik edýärler.

«Krasnodar» bilen «Astananyň» arasyndaky duşuşyk Gazagystanyň klubynyň hasabynda 4:2 ýeňşi bilen tamamlanan ilkinji oýun boldy. Ýeňijilerden Marin Tomasow (7), Usman Kamara (23), Maks Ebong (35) we Ramazan Karimow (66), «Krasnodardan» Kadi (38) we Jon Kordoba (47) minutlarda pökgi geçirdiler.

«Astana» Gazagystanyň çempionatynyň ýedi gezek çempiony we häzirki kümüş medalynyň eýesidir. 18 tapgyryň netijelerine görä, «Krasnodar» Russiýanyň premýer-ligasynda 38 utuk bilen ikinji orundaky «Zenitden» 2 utuk öňde barýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, BAE-de türkmen futbol eminleriniň türgenleşigi 24-nji fewrala çenli dowam eder.

Nurmuhammet MEREDOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok