Türkmenistanda geçen aý JIÖ-niň ösüş depgini 6,3 göterim artdy

Toplumlaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy. Bu barada 16-njy fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilip geçildi.

Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýurtda jemi öndürilen önüm 8,2 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň birinji aýynda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,6 göterim ýokarlandy.

Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 104,8 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,1 göterim ýerine ýetirildi. Ýurduň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar aýynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlary 24,6 göterim ýokarlandy.

Gurban BEGALYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok