Ýaňy ýakynda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň ähmiýetini düşündirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň hem-de «Altyn göreç» okuw merkeziniň Mary şäher şahamçasynyň bilelikde guramaklarynda «Ýaşlaryň belent üstünlikleri – beýik geljegiň buşlukçysy » atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa şol okuw merkezde bilim ýaşlar gatnaşdylar.
Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Myrat Hanow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň talyby Berdigylyç Ýazmyradow, Türkmenistanyň Maliýe institutynyň talyby Rahymberdi Gyzylow hem-de «Altyn göreç» okuw merkeziniň Mary şäher şahamçasynyň müdiri Maksat Hançarow dagylar çykyş etdiler.
Maslahata gatnaşanlar ýaş nesillere şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän, ata Watanymyzyň geljegini ýaşlarda görýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Teswirler