«Kämillige ýol – Erjellik» atly çeper filmiň üstünde işlenilýär

«Türkmenfilm» Birleşiginiň döredijilik topary «Kämillige ýol – Erjellik» atly doly göwrümli çeper filmiň üstünde işleýär. Bu taslama birnäçe ýyl ozal sportuň ýokary maksatlara ýetmekde dostluk, söýgi we erjellik temalary bilen baglanyşýan ylham beriji we höweslendiriji güýji barada döredilen çeper filmiň dowamydyr.

Filmde iki dostuň – serhetde gulluk edýän Wepa bilen Atajanyň durmuşyndan dürli sahnalar görkezilýär. Baş gahryman Wepa bir gyza aşyk bolýar, gyzyň kakasy onuň öňünde birnäçe kyn şert goýýar – olaryň ýerine ýetirilmegi ýigidiň gyzyň ýanýoldaşy bolmaga mynasypdygyny subut etmeli. Bu şertler hem söweş sambosynda, hem häzirki zaman maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary ulanylýan gullukda üstünlikler gazanmak bilen baglanyşykly. Özi-de, gyzyň kakasy ähli şertini ýerine ýetirmek üçin bary-ýogy 60 gün möhlet berýär.

Wepanyň öňünde nähili anyk şertleriň goýlandygyny, söýgülisiniň kakasynyň ynamyny gazanmak üçin olaryň hötdesinden gelenini, gelmänini, tomaşaçylar film çykandan soň bilerler. Häzirlikçe filmdäki baş keşpleri ýerine ýetirýänleriň hünäri aktýorlar däl-de, häzirki wagtda Aşgabat bedenterbiýe we sport bölüminiň 5-nji we 6-njy sport mekdeplerinde tälimçi bolup işleýän tejribeli sportçular Gaýgysyz Atabaýew we Orazmyrat Çaryýewdigini aýdyp bileris. Film Aşgabatda we Balkan welaýatynda surata düşürilýär we sanly özgerişler, ýaşlaryň sporta, şol sanda taekwondo (ITF) söweş sungaty we söweş sambo sungatyna bolan gyzyklanmasynyň artmagy bilen baglanyşykly Türkmenistanyň häzirki durmuş hakykatyny görkezýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, filmi goýan režissýor Batyr Batyrow Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty bölüminde žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan üçünji ýyl talyby Ogulnur Saparowa bilen bilelikde ýazylan senariýanyň şärikli awtorlarydyr.

Maýsa AGAJANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok