Gazagystanda Türkmenistanyň medeniýet günleri geçiriler

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi, Gazagystanyň medeniýet we maglumat ministriniň orunbsary bilen duşuşdy.

Gazagystanyň Medeniýet ministrliginiň habar bermegine görä, Türkmenistanyň şu ýylyň iýunynda Gazagystanda geçirjek Medneiýet günlerine, Gazagystanyň bolsa, oktýabr aýynda Türkmenistanda geçirjek Medeniýet günlerine görülýän taýýarlyklar barada pikir alşyldy.

Şeýle hem Aşgabatda çeperçilik sergisini, gazak kinolarynyň gününi hem-de gazak sungat ussatlarynyň konsert maksatnamasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan goňşy döwlet bolan Gazagystan bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýuldy. Bu gatnaşyklar häzirki döwürde öz ähmiýetini artdyrýar. Ikitaraplaýyn ýokary derejedäki oňyn syýasy dialogyň işjeň­leş­dirilmegi türkmen-gazak gatnaşykla­rynyň hil taýdan ýokary derejä eýe bolmagyny gazandy.

Ýazsoltan GURBANDURDYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok