Häzirki wagtda Türkmenistanyň «Gyzyl kitabynyň» 4-nji neşiriniň üstünde işlenilýär. Ýaşaýyş şertlerine we ösümlik görnüşleriniň meşhurlyk ýagdaýyna görä, geçirilen gözlegleriniň we birnäçe seljerme işleriniň netijesinde täze ösümlikleriň 23 görnüşi «Gyzyl kitaba» giriziler.
Olaryň ilkinjisi hökmünde daglyk ýerlerde ýaşaýan, hemişe gök öwüsýän türkmen arçasy «gyzyl» sanawa goşular. Gözlegçileriň bellemegine görä, gary söýýän waleriýa, Regel armydy, Narbutyň irisleri, ýalpyldawuk, gissar we türküstan çigildemleri, Albertiň eremurusy, Oşaniniň sogany, suw söýüji ofris we beýlekiler goraga mätäç hasaplanylýar.
2021-nji ýylda birnäçe bölekleri tapylan nemes muşmula hem «Gyzyl kitabyna» girizilmeli ösümlikleriň hataryndadyr. Alymlar şu güne çenli bu ösümligi Türkmenistanyň flora ösümlik dünýäsiniň agzasy hasaplamaýardylar. Bu ýagdaý garaşylmadyk täzelik bolup, alymlar ösümligi çuňňur öwrenmek üçin ýabany şertlerde gözleg geçirmegi maksat edinýärler. Muşmula Türkmenistanyň çäklerinde gabat gelmeýän ýeke-täk Badhyz pissesiniň taryhyny ýada salýan ýagdaýy döredip, munuň tapawutly tarapy muşmulanyň türkmen ösümlik-botanika dünýäsinde ýitmedik baýlykdygydyr.
Ýeri gelende belläp geçsek, ýurdumyzyň «Gyzyl kitabynyň» wagtyň geçmegi bilen haýwanat we ösümlik dünýäsindäki bolup geçýän wakalaryň resminamasy hasaplanylýar. Ýyllaryň dowamynda barlaglaryň netijesinde birnäçe ýaşaýan organizmler ýitip, ýok bolup gidýärler we täze görnüşler emele gelýär. Türkmenistanyň «Gyzyl kitabynyň» ilkinji neşiri 1985-nji ýylda, ikinjisi 1999-njy ýylda, üçünji neşiri bolsa 2011-nji ýylda çap edildi.
Ogulşat AKMÄMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler