Türkmen ýygyndysy «Geljegiň oýunlary» atly halkara ýaryşlaryna gatnaşar

21-nji fewralda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde sportuň täze hem ýokary tehnologik nusgasy — fijital (physical+digital) görnüşleri boýunça badalga aljak «Geljegiň oýunlary» atly halkara ýaryşlarynyň toplumy sport dünýäsiniň iň ähmiýetli wakalarynyň birine öwrüler. Oýunlaryň sportuň şeýle görnüşleriniň birnäçesi boýunça bäsleşikleri özünde jemlejekdigini bellemek gerek.

Ýaryşda türkmen ýygyndysynyň çykyş edýändigi Watanymyzda sportuň geljegi uly görnüşleri hasaplanýan ugurlaryny ösdürmek boýunça ähmiýetli ädimleriň halkara derejesindäki ykrarnamasydyr. Şol ýerde boljak türkmen toparyna türgenleriň 15-si hem-de topar ýolbaşçysy wekilçilik edýär. Bu ýaşlaryň 14-si — Sähet Gylyçmämmedow, Miras Huseýnow, Azym Sattyýew, Şatlyk Rahmanow, Aýnazar Goçmyradow, Ýusup Kuliýew, Mekan Nazarow, Gadam Gapurow, Merdan Abdullaýew, Halylmuhammet Sopyýew, Azat Wepagulyýew, Gurban Ataýew, Atajan Agaýew hem-de Myrat Saparow Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplarydyr. Ýaryşlarda çykyş etjek türgenleriň ýene biri-de Döwletgeldi Halmyradow bolup, ol bu ýokary okuw mekdebiň mugallymydyr. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň wekili Döwletgeldi Annaýew ýolbaşçylyk eder.

Türkmen ýaşlarynyň bu ýerde fijital-futbol hem-de fijital-basketbol ýaryşlaryna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu ýerde sportuň şol görnüşleri boýunça elektron ýaryşlar bilen hakyky oýunlar utgaşdyrylar. Mahlasy, ýaryşlar elektron nusgadaky bäsleşiklerden başlanar we hakyky meýdandaky duşuşyklara syrygyp gider. Fijital-basketbol ýaryşy sportuň bu görnüşiniň 3×3 nusgasy boýunça guralar.

Ýeri gelende belläp geçsek, «Geljegiň oýunlary» halkara ýaryşyna 107 ýurtdan 277 toparyň hem-de 2000 çemesi türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Ýaryşlar 3-nji marta çenli dowam eder.

Eziz DÖWRANGELDIÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok