Türkmen emini VAR ulgamy bilen bagly okuw-maslahatyna gatnaşdy

FIFA-nyň emini Resul Mämmedow ilkinji türkmen emini hökmünde Daşkent şäherinde geçirilýän VAR ulgamy bilen bagly okuw-maslahatyna gatnaşdy.

FIFA-nyň hem-de Özbegistanyň Futbol assosiasiýasynyň bilelikde geçiren okuw-maslahatynyň dowamynda halkara derejeli eminler topary tejribeli gözükdirijilerden sapak aldylar.

R.Mämmedowyň gürrüň bermegine görä, şu möwsümden başlap VAR ulgamy bilen bagly şahadatnamasy bolmadyk eminler halkara ýaryşlaryna gatnaşyp bilmeýärler.

Eminler topary dört günläp dowam eden birinji tapgyryň çäginde VAR ulgamyny ulanmak barada ýörite guralan simulýatorlarda sapak geçdiler.

Okuw-maslahatynyň soňunda bolsa eminleriň her biri VAR ulgamy bolan futbol duşuşyklarynyň ikisinde eminlik etdiler. Onuň soňunda geçiriljek synaglary üstünlikli tabşyranlara VAR ulgamy bilen bagly ýörite şahadatnamalar gowşuryldy.

Azat HALMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok