Magtymguly Pyraga bagyşlanyp türkmen-özbek bilelikdäki çäreler guralar

Golaýda, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy S.Saidowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda medeniýet, bilim we ylym ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler.

Taraplar medeni gatnaşyklary berkitmekde edebiýatyň uly ornunyň bardygyny, hususan-da, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň biziň halklarymyzyň arasyndaky dostluk köprüsi bolup durýandygyny bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylda beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýändigi we bu möhüm waka mynasybetli Türkmenistanda şu ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly, we şol bir wagtda Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan «Beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilendigi nygtaldy.

Şunlukda, bu wajyp senäni ýokary derejede bellemek üçin bilelikdäki çäreleri guramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ogulnar DÖWRANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok