Braziliýanyň günortasyndaky Bahia sebitindäki Atlantik tokaýynda ýaşaýan Büre gurbagalarynyň ilkinji gezek 2011-nji ýylda üsti açyldy.
Gözleglere görä Büre gurbagalarynyň erkekleriniň ortaça uzynlygy bary-ýogy 7 millimetre, urkaçylarynyňky bolsa 8 millimetre ýetýär. Nohutdan has kiçi bu gurbagalar, “dünýäniň iň kiçijik oňurgaly haýwanlary” hasaplanýar.
“Zoologica Scripta” halkara žurnalynda çap edilen ylmy gözleg, Büre gurbagalary barada jikme-jik netijeleri öz içine alýar. Gözlegçiler 46 sany “Brahisephalus Pulex” gurbagasynyň ululygyny ölçäp, ozal “dünýäniň iň kiçi gurbagasy” hökmünde häsiýetlendirilen “Paedophryne Amauensis” ýaly beýleki ownuk gurbaga görnüşleri bilen deňeşdirdiler. Gözlegiň çäginde “B.Pulex” gurbagalarynyň erkekleriniň “P. Amauensis” gurbagalaryndan kiçidigi barada netijä gelindi.
Şeýle-de bolsa, gurbagalaryň P. Amauensis görnüşiniň urkaçylary barada ýeterlik maglumat bolmansoň, B.Pulex gurbagasynyň ululygyny iň kiçi görnüş bolan P.Perrukosa gurbagasy bilen deňeşdirip, B.Pulex gurbagasynyň kiçidigi barada ýene bir netijä geldiler. Mundan başga-da, gözlegçiler gurbagalaryň köpeliş aýratynlyklaryny barlap, gurbagalaryň kämillik derejesine baha berdiler.
Gözlegçiler geçirilen barlaglaryň ählisini göz öňünde tutup: “B.Pulex dünýäniň iň kiçi gurbagasy we oňurgaly haýwan görnüşi” – diýen netijä geldiler.
Aýgül POLADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler