Bütindünýä hökümet sammitinde Türkmenistan 3 mesele barada çykyş etdi

11-14-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň wekilýeti Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet sammitine (WGS 2024) gatnaşdy. Sammitiň işine 120-den gowrak döwletden, 80-den gowrak halkara guramadan, iri kompaniýalardan wekiller gatnaşdy.

Bu sammitde:

  • Döwlet dolandyryşyny özgertmek we tizleşdirmek;
  • Emeli aň;
  • Gekjegiň ykdysadyýeti;
  • Geljegiň jemgyýeti we bilimi;
  • Durnuklylyk;
  • Täze ähliumumy hereketler (şäherleşmäniň, saglygy goraýşyň ileri tutulýan ugurlary)

Ugurlar boýunça esasy meseleler bilen baglanşykly çäreler geçirildi. Bu forumda Hormatly Prezidentimiziň halkara derejede öňe süren başlangyçlaryndan ugur alnyp, ählumumy çemeleşmeler esasynda amala aşyrylmagy teklip edilýän üç mesele barada çykyş edildi.

  1. Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek teklip edildi
  2. Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek teklip edildi.
  3. Durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanyp, ýapyk aýlanyşykly, ýagny sirkulýar ykdysadyýete geçmek boýunça ählumumy Çarçuwaly maksatnamany işläp taýýarlamak teklip edildi.

Bu maslahatyň dowamynda energiýany gaýtadan işlemek pudagynda alynyp barylýan işler boýunça hem birnäçe meselelere seredildi. Ýurdumyzda daşary döwletler bilen dostlukly we ykdysady ugurlarda alynyp barylýan işler öz netijesini berýär. Häzirki wagtda Türkmenistan ösen döwletleriň hataryna goşulýar. Umumadamzat ähmiýetli geçirilýän Halkara forumlara, sammitlere, ylmy-amaly maslahatlara gatnaşyp, bu ugurda öz goşandyny goşýar.

Jemile Amanowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň I ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok