Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçen giňişleýin mejlisinde jemi jemlenen 2023-nji ýyldaky durmuş-ykdysady ösüşiň netijeleri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň ösüşine, adam maýasynyň ösüşine gönükdirilen işjeň maýa goýum syýasatynyň hasabyna ykdysady mümkinçiligini yzygiderli artdyrýandygyny görkezýär.
Beýan edilen maglumatlara görä, 2023-nji ýylda milli ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 7,5% artypdyr we jemi içerki önüme gatnaşykda 18,3%-e barabar bolupdyr. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 49,1 göterimi önümçilik, 50,9 göterimi bolsa durmuş we medeni maksatly binalara gönükdirildi. Hususan aýdylanda, tutuş ýurt boýunça 22 orta mekdep we 16 çagalar bagy guruldy.
Bilermenleriň pikiriçe, bilimi, hünär taýýarlygyny, şeýle hem umumy saglygy we abadançylygy öz içine alýan adam maýasyna uzak möhletleýin goýumlar fiziki maýa goýumlaryndan 10 esse köp netijelidir. Tehnologiýanyň okgunly ösüşi we häzirki zaman dünýäsinde täze bilimleriň toplanmagy bilimiň aýratyn ähmiýete eýe bolmagynyň şertidir. Şonuň üçin Türkmenistan ony ertiriň ykdysady we durmuş taýdan gülläp ösmegine, has gowy dünýä we ösüp barýan ýaş nesliniň geljegine maýa goýum hasaplap, onuň ösüşini ünsden düşürmeýär.
Şu ýylyň başyndan bäri geçen gysga wagtyň içinde döwlet Baştutanymyz halkara ülňülerine laýyk gelýän ösen enjamlar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman bilim edaralarynyň binalaryny gurmagy göz öňünde tutýan iki Karara gol çekdi. Resminamalara laýyklykda «Baýly gurluşyk» hususy kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynyň Bokurdak obasynda 1200 orunlyk döwrebap orta mekdebi we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýyny gurar. Bu desgalaryň şu ýylyň sentýabr aýynda ulanylyşa berilmegi meýilleşdirilýär. 11-nji fewralda gol çekilen Kararda bolsa paýtagtymyzyň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda ýerli gurluşyk kärhanalary tarapyndan täze mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurlup, 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanylyşa berilmegi göz öňünde tutulýar.
Ýeri gelende belläp geçsek, bilimiň infrastrukturasyny ösdürmek we maddy-tehniki binýadyny berkitmek bilen birlikde, halkara ülňülerine laýyklykda, onuň hilini ýokarlandyrmaga-da uly üns berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy baradaky düzgünnamany tassyklamak barada fewral aýynyň başynda gol çeken Karary-da hut şuňa gönükdirilendir.
Aýgül AŞYRGULYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.
Teswirler